UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär. Çimaýew bilen Striklendiň arasyndaky söweş 9-njy maýda geçiriljek UFC 328 ýaryşynyň esasy tutluşygy bolar. Soňky gezek Çimaýew 2025-nji ýylyň 17-nji awgustynda Günorta Afrikanyň wekili Drikus dýu Plessi bilen duşuşypdy. Bäş raund dowam eden şol tutluşykda Çimaýew eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňiş gazandy. Striklend bolsa Hýuston şäherinde (ABŞ) 21-nji fewraldan 22-nji fewrala geçilen gije bolan soňky söweşinde öz watandaşy Entoni Ernandes bilen duşuşdy. Söweş Şon Striklendiň üçünji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir