Arnold Şwarsenegger «Patyşa Konan» («Король Конан») filminde ýene-de Konan-warwaryň keşbini janlandyrar. «Deadline» neşiriniň habar bermegine görä, bu taslama «20th Century Studios» studiýasy tarapyndan işlenip düzülýär. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, «Amala aşyryp bolmajak wezipe» («Миссия невыполнима») seriýasynyň birnäçe filmi bilen tanalýan Kristofer MakKuorri filmiň ssenariçisi we režissýory bolup biler. Aktýoryň özi bu taslama barada Kolumbus şäherinde geçirilen «Arnold Sports Festival» festiwalyndaky çykyşynda gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, filmiň wakalary Konanyň patyşa bolanyndan onlarça ýyl soňra bolup geçer. Sýužete görä, gahryman takmynan kyrk ýyllap hökümdarlyk edýär, ýöne soňra tagtdan düşürilýär. Konan öz häkimiýetini dikeltmek üçin dolanyp gelmeli bolar. Şwarseneggeriň belleýşi ýaly, filmde «köp sanly akla sygmajak hereketler, zorluklar, jadygöýlik we hyýaly jandarlar» bolar. Konan gahrymanyny ýazyjy Robert Goward döretdi. Ol ilkinji gezek 1930-njy ýyllarda «Weird Tales» žurnalynda peýda boldy. Konan baradaky ilkinji film 1982-nji ýylda ekranlara çykdy we Şwarseneggeri dünýä derejesindäki kino ýyldyzyna öwürdi. Soňra bu film «Konan-weýran ediji» («Конан-разрушитель», 1984) ady bilen dowam etdirildi. 2011-nji ýylda «Lionsgate» studiýasy baş keşpde Jeýson Momoanyň gatnaşmagynda «Konan-warwar» filmi bilen franşizany täzeden dikeltmäge synanyşdy, emma film seriýany dowam etdirmek üçin ýeterlik derejede üstünlik gazanyp bilmedi.