Apple kompaniýasynyň geljekki eplenýän smartfonynyň daşky görnüşi hakyndaky gürrüňler entek enjam tanyşdyrylmanka internetde uly gyzyklanma döredýär. «Sonny Dickson» lakamly insaýder hem X sosial ulgamyndaky sahypasynda iPhone Fold-uň taslama çyzgylaryny paýlaşdy. Çeşmäniň aýtmagyna görä, bu şekiller enjamyň dizaýnyna we çaklanylýan ölçeglerine öňünden baha bermäge mümkinçilik döredýär. Maglumatda Apple-iň ekranyň eplenýän ýerini görünmez ýaly derejä ýetirmegiň üstünde işleýändigi aýdylýar. Onuň galyňlygy takmynan 0,15 millimetr, gyşarma burçy bolsa 2,5 gradus töweregi bolup biler. Beýleki modeller bilen takyk deňeşdirmekden ir hem bolsa, bu görkezijiler kompaniýanyň eplenýän smartfonlarda esasy mesele döredýän epin ýeri mümkin boldugyndan gizlejek bolýandygyny görkezýär. Enjamyň resmi tanyşdyrylyşy güýzde bolar diýlip çaklanylýar. Şonda eplenýän iPhone-yň flagman modeler Phone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max bilen bir wagtda görkezilmegi-de juda ahmal. «Sonny Dickson» ozal hem enjamlaryň resmi tanyşdyrylyşlaryndan esli wagt öňinçä olaryň şekillerini birnäçe gezek paýlaşypdy. Şolaryň arasynda iPhone 12, iPhone 13, iPhone 15, iPhone 15 Pro we akylly HomePod kolonkasynyň şekilleri hem bardy. Soňra bu maglumatlaryň köpüsiniň dogrudygy tassyklanyldy. Maglumatlaryň arasynda geljekki iPhone Fold-uň bahasynyň takmynan 2000 dollardan başlap biljekdigi-de bellenilýär.