Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Seýed Mojtaba Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri öz hatynda mümkinçilikden peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Liderine berk jan saglyk, şeýle hem Eýranyň halkynyň parahatçylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir