Halkara astronomlar topary NASA-nyň DART kosmos zondunyň Dimorf asteroidi bilen çaknyşmagynyň Didim we Dimorf goşa asteroidler ulgamynyň Gün daşyndaky hereket traýektoriýasyny üýtgedendigini tassyklady. Illinoýs ştatynyň uniwersitetinden Rahil Makadiýanyň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar 2022-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň martyna çenli bolan döwürde 22 sany okkultasiýa wakasyny seljerdiler. Şeýle hadysalar mahalynda asteroid uzakdaky ýyldyzyň yşygyny ýapýar, bu bolsa onuň kosmosdaky ýerleşişini takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Çaknyşyk 2022-nji ýylyň sentýabrynda boldy. Ol Dimorfyň has uly bolan Didim asteroidiniň daşyndaky aýlanyşyny üýtgetdi. Mundan başga-da, urgynyň energiýasy bütin ulgamyň massa merkezini süýşürdi, bu bolsa onuň Gün daşyndaky orbitasyna täsir etdi. Didim asteroidiniň hereket tizligi sekuntda 11 mikrometr azaldy. Üýtgeşmäniň örän ujypsyzdygyna garamazdan, alymlar muny kinetik urgy tehnologiýasynyň asteroidleriň ugruny üýtgetmekde täsirli usul bolup biljekdiginiň subutnamasy hasaplaýarlar.