Ýaponiýanyň RIKEN instituty we OrganTech biotehnologiýa kompaniýasynyň alymlary saçyň üznüksiz ösmegini üpjün edýän öýjükleriň ozal näbelli bolan görnüşini tapdylar. Barlagyň netijeleri Biochemical and Biophysical Research Communications atly ylmy žurnalda çap edildi. Saçyň işjeň ösüşi dynç alyş we saçyň düşmeginiň gezekleşmeginde belli bir tapgyrlarda bolup geçýär. Ozal alymlar barlaghanalarda saç köküni döretmäge çalşypdylar. Emma emeli usul bilen döredilen saçlar bir gezek ösüp düşeninden soň, kök ölýärdi we gaýtadan ösüş tapgyryna geçip bilmeýärdi. Professor Takasi Sutziniň ýolbaşçylygyndaky toparyň tapan täze goşundysy — saçyň ýanyndaky mezenhima (ABM) öýjükleridir. Bu öýjükleriň ulgama goşulmagy saçyň düýbüniň doly derejede emele gelmegine mümkinçilik berdi. Syçanlar arkaly geçirilen tejribeler bioinženerçilik usuly bilen döredilen bu kökleriň dokumalara uýgunlaşýandygyny we saçyň ösüşini birnäçe gezek gaýtadan dikeldýändigini görkezdi. Şunlukda açyş saçyň tebigy usulda gaýtadan ösmegi üçin zerur bolan iň az öýjük toplumyny anyklamaga kömek etdi. Geljekde bu usul alopesiýany (saç düşmäni) bejermekde ulanylyp bilner. Onuň esasynda näsagdan alnan öýjükler barlaghanada köpeldiler we soňra taýýar kökler saçyň dökülen ýerlerine göçüriler. Maglumatlara görä, diňe Ýaponiýanyň özünde 2,5 milliondan gowrak adam saç düşmeden ejir çekýär. Dünýäde saçy gaýtadan ösdürmek bazarynyň ýakyn on ýyllykda 15 milliard dollardan geçjekdigi çaklanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir