Alymlar aşgazanasty mäziň ragynyň himiýaterapiýa garşy durnukly bolmagyna kömek edýän mehanizmi anykladylar. Geçirilen barlaglar belli bir genetik üýtgeşmeleriň täsirinde çişiň has agressiw ýagdaýa geçip bilýändigini görkezdi. Bu prosesde GATA6 geni esasy orny eýeleýär. Bu geniň derejesi ýokary bolan ýagdaýynda, çiş öýjükleri özüni has «tertipli» alyp barýarlar we bejergä has gowy jogap berýärler. Emma onuň derejesi peselse, rak has agressiwleşýär we himiýaterapiýanyň täsiri azalýar. Barlagçylar bu prosese KRAS-ERK signal ýolunyň täsir edýändigini anykladylar. KRAS geniniň mutasiýalaryna bu ragyň tas ähli görnüşlerinde diýen ýaly duş gelinýär. Eger bu ýol aşa işjeň bolsa, ol GATA6 geniniň işlenip çykarylmagyny bökdeýär. Netijede, çiş bejergä garşy durnukly bolýar. Alymlar bu tapyndyny genetik skrining, molekulýar seljerme we dermanlaryň rak öýjüklerine täsirini barlamak arkaly tassykladylar. KRAS-ERK ýoly petiklenende, GATA6 geniň derejesi ýokarlandy we öýjükler bejergä gaýtadan duýgur bolup başladylar. Şeýle-de, barlaglar KRAS-ERK ýoluna täsir edýän dermanlaryň adaty himiýaterapiýa bilen bilelikde ulanylmagynyň bejerginiň täsirini güýçlendirip biljekdigini görkezdi. Bu usul diňe çişiň düzüminde GATA6 geni saklanyp galan ýagdaýynda netijeli bolýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir