Hindistanyň Bhubaneşwar şäherinde «Archohm» arhitektura studiýasy Milli badminton akademiýasynyň binasynyň gurluşygyny tamamlady. Toplum badminton oýnunda esasy gural hökmünde ulanylýan wolana çalymdaş şekilde guruldy. Gije wagty binanyň daşky görnüşini ýagtylandyrmak üçin prožektorlar ulanylýar, şonda olaryň şöhlesi wolanyň ýelekleriniň effektini döredýär. Binanyň merkezinde sekiz sany badminton meýdançasy bolan uly açyk zal ýerleşýär. Onuň daşyny tomaşaçylar üçin niýetlenen basgançakly münberler gurşaýar. Desganyň sferik jam şekili diňe bir simwolik roly oýnaman, eýsem binany güýçli ýelden hem goraýar. Sport meýdançalaryndan başga-da, toplumda gelýänler üçin goşmaça ýerler göz öňünde tutulan. Binanyň içinde kafe we sport dükany işleýär, üçeginde bolsa daş-töweregi synlar ýaly meýdança enjamlaşdyrylan. «Archohm» — hindistanly binagär Maniş Gulati tarapyndan esaslandyrylan arhitektura býurosydyr. Studiýa jemgyýetçilik binalarynyň, bilim edaralarynyň we medeni giňişlikleriň taslamalaryny düzmek bilen meşgullanýar. Býuro işlän ýyllarynyň dowamynda Hindistanda we beýleki ýurtlarda gyzykly taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir