Samsung kompaniýasy Galaxy S26, Galaxy S26 Plus we Galaxy S26 Ultra smartfonlary üçin ilkinji programma üpjünçiligi täzelenmesini çykardy. Bu täzelenme eýýäm Günorta Koreýada ýaýradylyp başlandy we tiz wagtdan beýleki ýurtlarda-da elýeterli bolar. Täze seriýanyň bölek satuwdaky söwdasy 11-nji martda başlaýar. Muňa garamazdan, enjamlar eýýäm howpsuzlyk täzelenmesini almaga ýetişdi. Galaxy S26 seriýasy üçin ilkinji «apdeýt» fewral aýynyň howpsuzlyk düzedişlerini öz içine alýar. Mundan ozal bu düzedişleri Samsung-yň beýleki enjamlary — Galaxy S25, S24, S23 seriýalary, şeýle-de Galaxy A hatarynyň käbir smartfonlary alypdy. Täzelenme çykmazdan ozal Galaxy S26 modelleri ýanwar aýynyň howpsuzlyk düzedişleri bilen işleýärdi. Fewral täzelenmesi One UI interfeýsinde we Android operasion ulgamynda ýüze çykarylan 37 sany howpsuzlyk gowşaklygyny aradan aýyrýar. Täze programma üpjünçiliginiň belgisi S94xNKSS1AZC7 bolup, täzelenmäniň göwrümi 557 MB barabardyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir