Adidas kompaniýasy meşhur futbol klublarynyň nusgawy lybaslarynyň uly toplumyny — remeýklerini çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen bu taslama ozalky retro-toplumlaryň gazanan biznes üstünliginiň dowamy bolar. Täze topluma brend bilen hyzmatdaşlyk edýän dünýäniň iň uly klublarynyň taryhy lybaslary girer. Olaryň arasynda «Real Madrid», «Mançester Ýunaýted», «Arsenal», «Bawariýa», «Ýuwentus», «Nýukasl Ýunaýted» we «Liwerpul» bar. Ähli modeller Adidas-yň ady agzalan toparlar bilen hyzmatdaşlyk eden ýyllaryndaky nusgalaryna esaslanyp dörediler. Ilknji nusgalar «Nýukasl Ýunaýted» bilen «Ýuwentusa» niýetleniler. «Alahekekler» üçin 1996–1997-nji ýyllaryň möwsüminiň dizaýnyndan ylhamlanan ýörite toplum taýýarlanylýar. «Liwerpula» bolsa täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde her ýyl retro-lybaslar çykarylar. Ilkinji model 2026-njy ýylyň fewralynda peýda bolar we ol klubyň 1995-nji ýyldaky myhmançylykda geýen eşiginiň gönümel nusgasy bolar. Tolpumlaryň esasy bölegi 2027-nji ýylda satuwa çykarylar. Bu taslama futbol klublarynyň taryhy we nusgawy dizaýnlary bilen gyzyklanýan janköýerlere gönükdirilendir.