ABŞ-nyň Ýadro kadalaşdyryş komissiýasy Bill Geýtsiň esaslandyran TerraPower kompaniýasyna Waýoming ştatynda «Natrium» kysymly täze nesil reaktoryny gurmaga resmi taýdan rugsat berdi. Netijede bu karar ýurtda şeýle görnüşdäki ilkinji täjirçilik maksatly atom stansiýasynyň gurulmagyna mümkinçilik berdi. Rugsat kuwwaty 345 megawat boljak «Kemmerer Unit 1» energiýa bloguna degişlidir. Reaktor sowatmak üçin adaty suwuň ýerine suwuk natrini ulanar. Onuň Kemerer şäherindäki kömür elektrik stansiýasynyň golaýyndaky gurluşyk işlerine ýakyn hepdelerde başlamak göz öňünde tutulýar. Taslama laýyklykda desga iki bölümden ybarat bolup, olaryň birinde natriý sowadyjyly çalt reaktor, beýlekisinde bolsa, erän duzlara esaslanýan energiýa saklaýjy ulgam ýerleşer. Bu tehnologiýa stansiýanyň gysga wagtlyk kuwwatyny 500 megawata çenli artdyrmaga şert döreder. Aslynda desganyň gurluşygy 2031-nji ýyldan öň tamamlanmaz. Häzirki berlen rugsat diňe gurluşyk işleri üçindir. Ulanmak babatdaky rugsatnamany almak hem belli bir wagta çenli garaşmagy talap eder. Ýadro kadalaşdyryş komissiýasy taslamanyň tehniki barlagyny meýilleşdirilen 27 aýyň ýerine 18 aýda tamamlady we geçirilen seljerme netijesinde radiasiýa howpunyň ýokdugy anyklanyldy. Şeýle-de bolsa alymlar arasynda mümkin bolan töwekgelçilikleriň ýeterlik derejede çuňňur öwrenilmändigini belleýänleri-de bar. Federal hökümetiň we ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň 2 milliard dollara çenli goldawy bilen amala aşyrylýan bu taslama öz wagtynda tamamlansa, Kemererdäki stansiýa ABŞ-da täze nesil senagat AES-leriniň ilkinjisi bolar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir