Britaniýanyň Chronova Engineering kompaniýasynyň inženerleri Marsda, Ýupiterde we Saturnda wagty görkezýän «Interplanetary Clock» — «planetalarara sagady» işläp düzdüler. Enjam 131 bölekden ybarat bolup, planetalaryň aýlanyşynyň dürli tizliklerini hasaba alýar. Sagat wagtdan başga-da, her planetanyň üstüne görä Günüň ýerleşýän nokadyny hem görkezýär. Işläp düzüjiler geljekde beýleki planetalary özleşdirmek üçin ýerli wagty bilmegiň möhümdiginden ugur aldylar. Marsda bir gije-gündiz Ýerdäkiden takmynan 40 minut uzak dowam edýär. Äpet gaz planetalary Ýupiter we Saturnyň üstüniň gaty däldigi üçin olarda wagty hasaplamak kyndyr. Sagadyň içinde Ýeriň, Marsyň, Ýupiteriň we Saturnyň hereketini birleşdirýän ýedi sany dişli geçiriji ýerleşýär. Her sagadyň ýüzünde planetanyň demirgazyk polýusyndan görnüşi şekillendirilendir. Üç sany peýkam bolsa Günüň dogan, iň ýokary galan we ýaşan wagtyny görkezýär. Ýupiter we Saturn üçin magnitosferanyň aýlanyşyna esaslanýan hasaplama ulgamy ulanylýar. Bu bolsa şertli gije-gündiziň dowamlylygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ulanyjy senäni we uzaklygy el bilen belländen soň, şol planetadaky häzirki wagty görüp bilýär.