«Lebap Altyn Asyr Türkmen köl gurluşyk» önümçilik kärhanasy gidrotehniki desgalara hyzmat etmekde ulanylýan täze ýöriteleşdirilen tehnikalaryň nobatdaky tapgyryny Hytaý Halk Respublikasynyň önümçiliginden kabul etdi. Kärhananyň tehniki parkyna kuwwaty 0,43–1,05 kub metr aralygyndaky 28 sany ekskawator, şeýle hem her biri 162 at güýjüne eýe bolan «SHANTUI» kompaniýasynyň ýedi sany buldozeri gelip gowuşdy. Mundan başga-da, kärhana tehniki hyzmat ediş awtoulagyny, wahta awtobusyny, iki sany awtoýangyç daşaýjy ulagyny we «SITRAK» kompaniýasynyň üç sany tirkegli awtoulagyny aldy. Bu tehnika suw desgalaryny gurmak, çökündilerden arassalamak, akymlary çuňlaşdyrmak we kenarlaryň berkitme işlerini geçirmek üçin niýetlenendir. Türkmenistanyň «Altyn Asyr» köli Garagumyň Garaşor çöketliginde ýerleşýän emeli suw howdany bolup, onuň ilkinji tapgyry 2009-njy ýylda ulanyşa girizildi. Bu howdan ýurduň ähli sebitlerindäki, şol sanda Lebap welaýatyndaky suwarym ýerlerinden akýan şor suwlary toplamak üçin döredildi. Taslama topraklaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýerleriň sorlaşmagynyň we zaýalanmagynyň öňüni almaga, şeýle hem ekologiki meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Wagtyň geçmegi bilen köl guşlaryň göçüp geçýän ugry boýunça möhüm duralga öwrüldi, olaryň käbiri bolsa gyş paslynda şol ýerde galýar.