Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň wekilleri we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan duşuşygyň dowamynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň möhüm halkasy hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek we häzirki zaman sanly ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça özara gatnaşyklaryň meselelerine seredildi. BMGÖM tarapyndan hödürlenen Konseptual nota laýyklykda, bar bolan Terminaly dolandyrmak ulgamyny (TOS) kämilleşdirmek we «Deňiz ýeke-täk penjiresi» (MSW) ulgamyny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi diýip, tmrl.gov.tm saýtynda habar berilýär. Şeýle hem portuň eýe bolan ISO-14001 we «Ekoport» güwänamalarynyň ähmiýeti bellenilip geçildi hem-de halkara ekologiýa standartlaryny has-da ýokarlandyrmak boýunça täze teklipler öňe sürüldi. Döwlet gullugynyň wekilleri bu başlangyçlaryň we taslamalaryň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlenjekdigini habar berdiler.