Internetde Pixar studiýasynyň «Bökegenler» (Hoppers) atly animasiýa filmi barada tankytçylaryň ilkinji synlary peýda boldy. Habar çap edilen pursatynda taslamanyň Rotten Tomatoes saýtyndaky reýtingi 97% boldy — bu studiýanyň soňky on ýylyň içindäki iň ýokary görkezijileriniň biridir. Mundan ozal diňe «Kokonyň syry» we «Tapmaça» (Inside Out) multfilminiň birinji bölümi şuňa meňzeş baha alypdy. Synçylar multfilmiň degişmelerini, ideýasynyň özboluşlylygyny we wakanyň beýan edilişindäki sýurrealistik stilini aýratyn belleýärler. Multfilmiň sýužeti Meýbl atly gyzjagazyň töwereginde bolup geçýär. Ol öz aňyny mehaniki samyryň bedenine geçirmegi ýüregine düwýär. Baş gahryman täze keşbinde tokaýyň ýaşaýjylary bilen aragatnaşyk gurmaly we özi üçin nätanyş bolan dünýäniň gurluşyna düşünmeli bolýar. Gahrymanlara Paýper Kurda, Jon Hemm we Meril Strip ses berdi. Taslamanyň režissýory — mundan ozal «Maşynlar 2» we «Aýylar barada hakykat» (We Bare Bears) seriýasynyň üstünde işlän Deniel Çong. Multfilmiň ABŞ-daky premýerasy 6-njy marta meýilleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir