Nýu-Gempşir ştatynyň ýaşaýjysyna böwrek iki gezek oturdyldy: ilki oňa genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregi, soňra bolsa ýogalan donoryň böwregi transplantasiýa edildi. Şeýle ýagdaý dünýäde ilkinji gezek boldy diýip, «Daily Mail» neşiri habar berýär. 67 ýaşly Tim Endrýus süýji keseli sebäpli agyr böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýärdi. Ol birnäçe ýyllap hepdede üç gezek alty sagatlap dializ bejergisinden geçipdi. Wagtyň geçmegi bilen näsagyň ýagdaýy agyrlaşyp başlady: ol ýürek tutmasyny başdan geçirdi we ýöremek ukybyny ýitirdi diýen ýaly. 2025-nji ýylyň ýanwarynda Endrýus ýokary töwekgelçilikleri boýun alyp, eksperimental usulda doňuz böwreginiň oturdylmagyna razy boldy. Organizmiň böwregi ret etmeginiň öňüni almak üçin ol 51 sany derman kabul etdi. Ilkinji aýlarda onuň ýagdaýy gowulaşsa-da, 271 günden soň gaýraüzülmeler ýüze çykdy we böwregi aýyrmaly boldy. Gaýtadan dializ bejergisine dolanan Endrýusa 2026-njy ýylyň ýanwarynda ýogalan donordan laýyk gelýän böwrek tapyldy we ikinji gezek transplantasiýa amala aşyryldy. Operasiýa şowly geçdi, häzirki wagtda hassa öýünde dikeliş tapgyryny geçýär we organizmiň täze böwregi kabul etmegi üçin 20 sany derman içýär. «Adamlar donor bolmaly. Siziň sürüjilik şahadatnamaňyzda "donor" diýen belligiň bolmazlygy üçin hiç hili sebäp ýok. Mende bu bellik 16 ýaşymdan bäri bar. Şonda men haçandyr bir wagt özüme organ gerek bolar öýtmändim, gaýtam özüm donor bolaryn diýip pikir edipdim, ýöne ykbal başgaça bolup çykdy» – diýip, Endrýus gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir