Arheologlar Perunyň demirgazyk bölegindäki Çikama jülgesinde çimu halky tarapyndan 1100–1470-nji ýyllar aralygynda döredilen iki kilometrlik geoglif (ýeriň ýüzüne çekilen äpet uly surat), ybadathana meýdançasy we 100 gektardan gowrak gadymy ekerançylyk ýerini tapdylar. Binagärlik toplumynyň esasy bölegi daş bilen düşelen dabaraly ýol hasaplanýar. Bu ýol jülgelerden geçip, berkitmeli Serra-Leskano galasyny meýdanlar bilen baglanyşdyrýar we Serra-Tres-Krusese tarap uzalyp gidýär. «Bu çimu halkynyň ýaşaýyş ýerleriniň iň aýdyň mysalydyr. Bu ýerde infrastruktura mukaddes ýerleri we ekerançylyk zolaklaryny gönümel baglanyşdyrýar» diýip, arheolog Genri Tantalean belleýär. Şeýle-de daglaryň depeleri ýerli mukaddeslikler hökmünde çykyş edip, dabaraly ýoly landşaft we meýdanlar bilen birleşdirip bilerdi diýlen çaklama hem bar. Alymlar dronlaryň kömegi bilen meýdanlaryň 100 gektardan gowrak ýeri tutýandygyny, olaryň Uly Kumbre kanalyndan suw alýandygyny anykladylar. Meýdanlarda daşdan ýasalan kätmenler hem tapyldy. Topragyň nusgalaryny bolsa onda ozal näme ösdürilip ýetişdirilendigini anyklamak üçin seljermäge iberildi. Toplumyň merkezi meýdançasynda geçirilen dabaralar din bilen ekerançylygyň berk baglanyşyklydygyny görkezýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bu ýadygärligi ýokary takyklykda bellige almaga mümkinçilik berdi. Ýöne adamlaryň hereketleriniň artmagy onuň goralmagyna howp salar diýen aladany döredýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir