OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär. Şertnamanyň esasy şertleri: ilki bilen 15 milliard dollar goýar, galan 35 milliard dollar bolsa bellenen şertleriň ýerine ýetirilişine görä tapgyrlaýyn berler. OpenAI sekiz ýylyň dowamynda AWS üçin bulut infrastrukturasynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge we ýöriteleşdirilen mikroshemalary işläp taýýarlamaga 100 milliard dollar sarp eder. Bu ulgam serişdeleriň taraplar arasynda yzygiderli paýlanylýan «tegelek şertnamasy» (circular deal) hökmünde häsiýetlendirilýär. Hasaplama güýji: OpenAI Amazon-yň «Trainium» hasaplama kuwwatynyň takmynan iki gigawatyny ulanmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň modelleri häzirki enjamlarda we 2027-nji ýylda çykjak täze Trainium4 çiplerinde işlär. Kompaniýalar Amazon Bedrock üçin täze "ýagdaýy saklaýan" (stateful) iş gurşawyny döretmegi meýilleşdirýärler. Bu bolsa emeli aň programmalaryna öňki edilen işleriň kontekstini ýatda saklamaga mümkinçilik berer. OpenAI şeýle hem Amazon-yň içerki wezipeleri, esasan hem müşderi hyzmatlary üçin ýörite modelleri işläp taýýarlar. OpenAI-yň Microsoft bilen hyzmatdaşlygy üýtgewsiz galýar we iki kompaniýanyň gatnaşyklarynyň dowam edýändigi nygtalýar. Şeýle hem OpenAI-yň NVIDIA we SoftBank kompaniýalarynyň her birinden 30 milliard dollar sarmaya çekendigi mälim edildi. Kompaniýa 110 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyryny tamamlap, özüniň umumy bahasyny 730 milliard dollara ýetirdi. Bu hususy maliýeleşdiriş taryhyndaky iň uly tapgyrlaryň biridir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir