Birmingem uniwersitetiniň hünärmenleri adaty şaly däneleriniň ýüküň tizliginden täsirlenip, «akylly» serişde ýaly hereket edip biljekdigini görkezdiler. Barlag Matter žurnalynda çap edildi. Gowşak basyşda şaly däneleri owranmaýar we durkuny saklaýar. Güýçli basyşda olar ýumşaýar we däneleriň arasyndaky sürtülmäniň peselmegi netijesinde içki baglanyşyklar gowşaýar. Bu häsiýet şalyny diňe iýmitde däl, eýsem inženerçilikde hem ulanmaga mümkinçilik berýär. «Tüwi tutuş dünýäde iýmit önümi hökmünde belli bolsa-da, onuň ösen inženerçilik işläp düzmeleri bilen baglanyşdyrylyşy seýrekdir. Barlagymyz onuň funksional materiallaryň täze topary üçin esasa öwrülip biljekdigini görkezýär» diýip, doktor Minçao Lýu aýdýar. Şalyny çäge ýaly beýleki däneli maddalar bilen utgaşdyryp, alymlar haýal täsirde çeýeligini saklaýan we ýiti täsirde gataýan kompozitleri döredýärler. Şeýle materiallar datçikleri ýa-da elektronikany talap etmeýär. «Biz gurluşa nähili täsirlenmelidigini görkezmegiň deregine, ony fizika özbaşdak çözmäge mümkinçilik berýäris. Şunda çalt agram bir hili hereketi, haýal agram bolsa başga hili hereketi döredýär» diýip, Lýu düşündirýär. Çeýe robototehnikada we gorag enjamlarynda şeýle kompozitleri ulanmagyň geljegi uludyr. Bu usulyň esasynda robotlar has ygtybarly we ýeňil bolup biler, şlemler we gursakçalar bolsa urgulary awtomat usulda siňdirer. Adaty däneli maddalar çylşyrymly elektronikasyz agrama täsir görkezýän intellektual ulgamara öwrülýär. Bu bolsa olary has arzan we elýeterli edýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir