Alymlar aýdym-sazyň, goşgularyň ýa-da şekillendiriş eserleriniň lezzetinden emele gelýän endamyň tikeneklemek ýagdaýynyň sebäbiniň genlerde ýerleşýändigini we nesilden-nesle geçip bilýändigini anykladylar. Sungata bolan güýçli duýgurlyk we fiziologik täsirler hemmelerde gabat gelmeýär. Maks Plank jemgyýetiniň Psiholingwistika institutynyň PLOS Genetics žurnalynda çap edilen makalasynda alymlar, bu düşündirişiň bir böleginiň DNK-da gizlenendigini anykladylar. Öňki gözlegler gözellige ýa-da owaza imrinme ahwalynyň başdan geçirilýän wagtynda beýniniň neýron ulgamlarynyň işjeňleşýändigini görkezipdi. Bu ýagdaý tagam stimullaryna täsirlenýän ulgamyňkylar bilen meňzeşdir. Adamlaryň duýgurlygyndaky şeýle tapawutlar fiziologik gurluş we beýniniň işi bilen berk bagly bolup durýar. Şeýle maglumatlara esaslanyp, alymlar Niderlandlaryň demirgazyk böleginiň ýaşaýjylarynyň arasynda geçirilen «Lifelines» uly göwrümli köp nesilli barlagyň 15 606 gatnaşyjysynyň DNK-syny seljerdiler. Gatnaşanlaryň her biri sungat eserleriniň özlerine nähili täsir edýändigi barada gürrüň berdi. Täsirlerdäki tapawutlaryň 29%-e çenli böleginiň genetika bilen düşündirilýändigi, şol bir wagtda onuň takmynan üç böleginiň nesilden-nesle geçýän görnüşler bilen baglydygy ýüze çykdy. Käbir genler aýdym-saza, goşga we şekillendiriş sungatyna bolan täsirlere jogap berýär, beýlekileri bolsa sungatyň her ugry üçin aýratyndyr. Ylmy işiň netijeleri duýguçyllyk häsiýetiniň biologik esaslaryna düşünmäge kömek edýär we sungatyň näme üçin käbir adamlara has ýiti täsir edýändigini düşündirýär.