iPhone-da gaty geň, hatda, jady-tilsime meňzeş bökdençlikler peýda boldy. Hytaýdaky ulanyjylar telefonlarynyň gijelerine, takmynan sagat 02:00 töwereklerinde öz-özünden jaň edip başlaýandygyny habar berdiler. Enjamyň eýeleriniň biri jaň sesinden we: «Jaň eden abonentiňiz wagtlaýynça elýeterli däl» diýen sesli habardan oýanandygyny gürrüň berdi. Geň ýeri, şol pursatda zarýad almaga goýlan enjamyň ekrany gulply, özem uky tertibine geçirilendi. Ulgamy iOS 26.1 wersiýasynda işleýän telefondan jaň edilýän belgi bolsa, gündiz zat sargamak üçin habarlaşylan çapara degişlidi. Habarlara görä, bu bökdençlik diňe iPhone 17-ä däl-de, has köne modellere hem täsir edýär. Apple-yň bilermenleri bu meseläni birnäçe enjamyň bir Apple ID arkaly sinhronlanmagy, şeýle hem işjeň widžetler, sesli ýygym funksiýasy, kontaktlary gözlemek we geçirlen jaňlara awtomat jogap bermek bilen baglanyşdyrýarlar. Kompaniýa ulanyjylara iPhone-y iOS 26.3-e çenli täzelemegi maslahat berýär. Ulgamyň täze wersiýasynyň öz-özünden jaň etmek meselesini düzetjekdigi habar berilýär. Wakany başdan geçiren ulanyjylara täzelemeden öň işjeň widžetleri we sesli ýygym sazlamalaryny barlamagy maslahat berýärler. iOS 26.3 täzelenmesi telefonyň standart sazlamalary arkaly elýeterlidir we öň gijelerine jaň edilmegine getirip biljek enjamlaryň awtomat hereketleri bilen bagly adatdan daşary ýagdaýy aradan aýyrmak üçin niýetlenendir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir