Microsoft kompaniýasy bütin dünýäde 299 million adamyň internete birikmegini üpjün etdi. Bu ugurdaky başlangyçlary dowam etdirmek üçin korporasiýa Starlink bilen hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, kompaniýanyň resmi blogunda habar berilýär. Microsoft 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 250 million ulanyjyny gurşap almak baradaky başlangyç meýilnamasyndan eýýäm geçdi. Häzirki wagtda Starlink bilen hyzmatdaşlyk oba ýerlerinde we uzakdaky sebitlerde tor mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir. Taslama pes orbitadaky hemra aragatnaşygyny ýerli jemgyýetler arkaly ornaşdyrmak modelleri bilen birleşdirýär. «Starlink bilen hyzmatdaşlygyň saýasynda, Microsoft pes orbitadaky hemra aragatnaşygyny ýerli jemgyýetlere esaslanýan ornaşdyryş modelleri we ýerli ekoulgamynyň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen utgaşdyrýar» diýip, kompaniýa belledi. Bu täze gatnaşyk korporasiýanyň Latyn Amerikasyndaky, Afrikadaky we Hindistandaky prowaýderler bilen alyp barýan häzirki işleriniň üstüni ýetirer. Keniýada «Mawingu Networks» operatory bilen bilelikde eýýäm 450 sany jemgyýetçilik merkezini internete birikdirmek işleri alnyp barylýar. Microsoft-yň maglumatlaryna görä, planetamyzda 2,2 milliard adam heniz hem internete elýeterlilikden mahrum bolup galýar, emeli aňyň ösmegi bolsa bu aratapawudy has-da ulaldyp biler.