Prodýuser Jerri Brukhaýmer Collider-e beren interwýusynda «Karib deňziniň garakçylarynyň» altynjy bölüminiň näme üçin gijigýändigini aýtdy. Brukhaýmeriň sözlerine görä, häzir onuň esasy ünsi Tom Kruzyň gatnaşmagyndaky «Top Gan» filminiň üçünji seriýasyna gönükdirilen. «Häzirki wagtda «Ökde mergen» birneme öňe düşýär. Ýöne bu uzaga çekmez. Biz tiz wagtdan ssenariýany elimize alarys» diýip, Brukhaýmer belläp geçdi. Altynjy «Garakçylaryň» sýujeti barada kän mälim zat ýok. Bir belli zat, edebi esasy «1917» filminiň üstünde işlän Kristi Uilson-Kernisiň ýazýandygy. Şeýle-de eseriň merkezinde ozal Jonni Depp tarapyndan oýnalan kapitan Jek Worobeýiň oglunyň bolup biljekdigi hakda maglumatlar bar. Brukhaýmer ozal Deppiň Ember Hýord bilen kazyýet meselesi sebäpli Disneý bilen gatnaşygyny kesen-de bolsa, ony taslamada görmegi isleýändigini aýdypdy. 2025-nji ýylyň awgustynda prodýuser Deppiň dolanyp gelmegine garşy däldigini, emma munuň köp babatda ssenariýa baglydygyny duýduryp: «Eger oňa hödürlenýän keşp ýarasa, meniň pikirmçe razy bolar» diýipdi. 2022-nji ýylda maşgala dawasy boýunça kazyýet işi wagtynda Depp «hatda 300 million dollar, ýene million düýe berilse-de» keşbe dolanyp gelmejekdigini aýtdy. Ol, hakykatdan hem, şol sözünden bäri esasan özbaşdak kinolarda surata düşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir