Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar. Bu karar bir aý ozal Bravia bölüminiň gözegçiligini TCL-e beren Sony-niň şuňa meňzeş ädiminden soň kabul edildi. Munuň ilkinji sebäbi girdejililigiň uzak wagtlap peselmegidir. Ýapon öndürijileri ilki koreý (Samsung, LG), soňra bolsa hytaý brendleri bilen baha bäsleşigine döz gelip bilmediler. Indi Panasonic ünsüni has girdejili ugurlara — Tesla üçin akkumulýator öndürmäge we korporatiw programma üpjünçiligini işläp düzmäge gönükdirmegi meýilleşdirýär. Gurluş üýtgeşmeleri iş orunlaryna hem täsir eder. Şunlukda takmynan 12 000 işgär möhletinden öň pensiýa çykmak maksatnamasy arkaly kompaniýany terk eder. Bäsdeşlerinden tapawutlylykda, Panasonic brendi doly satmaýar. Kompaniýa Ýaponiýanyň içerki bazaryna gözegçiligi saklar we köpçülikleýin önümçiligi hem-de öňe sürmegi hytaý hyzmatdaşlaryna ynanyp, şekiliň hili babatdaky ylmy barlaglary dowam etdirer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir