Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda 2026-njy ýylyň modeli bolan RAV4 krossoweriniň tokdan zarýad alýan gibrid (PHEV) görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täze nusga adaty öz-özüni zarýadlaýan gibridlere alternatiwa bolup hyzmat edýär we modeliniň häzirki hataryndaky iň güýçli wersiýasy bolup durýar. Güýç beriji ulgamyň tehniki aýratynlyklary 2,5 litrlik hereketlendiriji esasynda guralandyr. Ulgamyň umumy kuwwaty 329 at güýjüne deň bolup, awtomobil diňe elektrik energiýasy bilen 150 km çenli ýol geçip bilýär. Bu modeliň esasy aýratynlygy — iki taraplaýyn energiýa geçiriş ulgamydyr. Ol ulagyň akkumulýatoryny daşarky elektrik enjamlaryny tok bilen üpjün etmek üçin ulanmaga mümkinçilik berýär. Krossower iki sany premium görnüşde hödürlenýär we olaryň her biri doly çekiji (AWD) ulgamy bilen üpjün edilendir. Bahalary barada aýtsak, Z toplumynyň bahasy 6 million ýena (38,5 müň dollar), GR Sport nusgasynyň bahasy bolsa 6,3 million ýena (40 müň dollar) hökmünde bellenildi.