Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha we ýurduň halkyna Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Emire berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Kuweýt Döwletiniň Milli güni her ýylyň 25-nji fewralynda uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu senäniň taryhy ähmiýeti iki sany möhüm waka bilen baglydyr. Döwlet baýramy 1950-nji ýylyň 25-nji fewralynda şeýh Abdulla Al-Salem Al-Sabahyň tagta çykmagy bilen bellenilip başlandy. Şeýle-de, bu sene 1961-nji ýylda Kuweýtiň özbaşdak döwlet hökmünde dünýä sahnasyna çykan we emirlik hökmünde garaşsyzlygyny gazanan taryhy gününi alamatlandyrýar.