Ispaniýanyň Loewe lýuks moda öýi häzirkizaman senetçiligi ugrunda berilýän Loewe Craft Prize baýragynyň final tapgyryna çykan dalaşgärleriň adyny yglan etdi. Dünýäniň 133 ýurdundan we sebitinden gelip gowşan 5 100-den gowrak dalaşgäriň arasyndan 19 döwlete we sebite wekilçilik edýän iň ökde 30 senetkär saýlanyp alyndy. Finalçylaryň işleriniň sergisi 2026-njy ýylyň 13-nji maýyndan 14-nji iýunyna çenli Singapuryň Milli galereýasynda geçiriler. Ýeňijiniň we iki sany ýörite baýraga mynasyp bolanlaryň atlary 12-nji maýda mälim ediler. Saýlamalaryň sanawyna Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Daniýa, Awstraliýa, Ispaniýa, Beýik Britaniýa, Nigeriýa, Hytaý, Zimbabwe, ABŞ we beýleki ýurtlaryň senetkärleri girdi. Bu baýrak 2016-njy ýylda Loewe Gaznasy tarapyndan döredilip, ol keramika, dokma, agaç, metal, aýna we zergärçilik ýaly ugurlarda çeperçilik hem-de tehniki ussatlygy goldamaga niýetlenendir. Baş baýrak 50 000 ýewro barabar. Ýörite ugurlar boýunça saýlananlaryň her birine 5 000 ýewro pul baýragy gowşurylar. Baýragyň eminler düzümine gaznanyň prezidenti Şeýla Loewe, dizaýnerler Jek Makkollou we Lazaro Ernandes, 2025-nji ýylyň ýeňijisi Kunimasa Aoki hem-de pudagyň beýleki hünärmenleri girdi. 1846-njy ýylda esaslandyrylan Loewe brendi LVMH holdingine degişlidir. 2024-nji maliýe ýylynyň netijelerine görä, Loewe SA kompaniýasynyň girdejisi 885,2 mln ýewro deň boldy.