Soňky on ýylyň içinde bolup geçen iň güýçli gar boragany ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmegine we ulag gatnawynyň doly togtamagyna getirdi. Meteorologlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ştatlarda bir gije-gündiziň dowamynda 60 santimetrden köp gar ýagdy. Rod-Aýlend ştatynda iň uly gar üýşmekleri 96 santimetre deň boldy. Nýu-Ýorkuň dürli sebitlerinde garyň galyňlygy 50-den 80 santimetre çenli ýetýär. Güýçli gar sebitde iki müňden gowrak uçuşyň ýatyrylmagyna, käbir şäherlerde bolsa jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawynyň ymykly bes edilmegine sebäp boldy. Tebigy hadysa sebäpli 600 müňden gowrak adam elektrik üpjünçiliginden mahrum galdy. Boragandan iň köp zyýan çeken sebit Massaçusets ştaty boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir