Paleontologlar spinozawrlaryň öň çaklanylyşy ýaly, deňiz ýyrtyjylary däldigini anykladylar. Nigerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu meselä aýdyňlyk girizdi. 2019-njy ýylda barlagçylar ol ýerden äň böleklerini tapan bolsalar, soňky ekspedisiýada bolsa täze görnüşiň — Spinosaurus mirabilis-iň tas doly ystyhanyny ýüze çykardylar. Uzynlygy 10–14 metre ýeten bu dinozawrlar takmynan 95 million ýyl ozal ýaşapdyrlar. Olar meşhur Spinosaurus aegyptiacus-yň garyndaşlarydyr. Spinosaurus mirabilis-iň kellesindäki darak şekilli dik süňk ýarag däl-de, garşydaşlaryna we jübütlerine özüni görkezmek üçin hyzmat eden eken. Olaryň ýasy burny we yzky dişleriniň seýrek ýerleşmegi balyk tutmaga oňaýly bolupdyr. Bedeniň ölçeg derňewi spinozawrlaryň hokgar ýaly ýalpak suw guşlary bilen suwa çümýän balykçy jandarlaryň arasyndaky orny eýeländigini görkezdi. Arkasyndaky beýik ýelkeni bedeni suwda durnuksyz edendigi sebäpli, olaryň has ululary açyk deňizde ýüzmän, çuňlugy 3 metre çenli bolan ýalpak ýerlerde ýöräpdirler. Galyndylaryň gadymy kenar çyzygyndan uzakda tapylmagy hem bu dinozawrlaryň kenarýaka durmuş düzgünimi tassyklaýar. Bu ylmy barlag işleriniň netijeleri Science žurnalynda çap edildi.