Oskar baýragynyň eýesi, aktýor Tom Henks täze kino taslamasynda ABŞ-nyň 16-njy prezidenti Awraam Linkolnyň keşbini ýerine ýetirer. Artist «Linkoln bardoda» (Lincoln in the Bardo) diýlip atlandyrylýan eksperimental dramanyň aktýorlar düzüminde esasy gahryman bolar diýip, Variety neşiri habar berýär. Ssenariý Jorj Sondersiň adybir romanynyň esasynda taýýarlanyldy. Filmiň sýužeti 1862-nji ýylyň 20-nji fewralyndaky bir gijäniň wakalaryna ünsi jemleýär. Prezidentiň 11 ýaşly ogly Uilýam aradan çykandan soň, çaga «bardo» — ýagny fiziki ölüm bilen ruhuň tenden doly aýrylmagynyň arasyndaky aralyk ýagdaýa düşýär. Režissýorlyk wezipesini «Anomaliza» filmi bilen tanalýan Dýuk Jonson eýelär. Tom Henks baş keşbi janlandyrmak bilen bir hatarda, filmiň prodýuserlik işlerini hem öz üstüne alar. Mundan ozal, amerikan lideriniň keşbini ekranda Daniel Deý-Lýuis, Gregori Pek we Genri Fonda ýaly meşhur artistler ýerine ýetiripdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir