ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy. Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi. Bu amerikan hokkeýçileri üçin soňky 46 ýylyň dowamynda ilkinji olimpiýa altynydyr. Soňky gezek ABŞ-nyň ýygyndysy 1980-nji ýylda Leýk-Plesidde ýeňiş gazanypdy. 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynda bürünç medallary Finlýandiýanyň ýygyndysy eýeledi. Üçünji orun üçin geçirilen duşuşykda bu ýurduň hokkeýçileri Slowakiýany 6:1 hasaby bilen utdy. Şu ýyl Olimpiadada hokkeý ýaryşyna 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Milli hokkeý ligasynyň (NHL) oýunçylary gatnaşdy. Liga Olimpiýa ýaryşynyň dowamynda möwsümiň oýunlaryny wagtlaýyn togtatmaga razylyk berdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir