Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi. Dabaraly çäre italiýan kompozitory Juzeppe Werdiniň «Trawiata» operasyndan bir bölek bilen başlandy, soňra tomaşaçylara «Italiýanyň ýüzi» atly sahna hödürlendi. Onuň dowamynda amfiteatrda ýurduň adaty ýaşaýjylary görkezildi, soňra bolsa arena Italiýanyň baýdagy çykaryldy. Ony ýaryşlary kabul eden şäherleriň hormatly ýaşaýjylary göterdi. Italiýanyň Olimpiýa baýrakçylary milli senany ýerine ýetireninden soň, döwlet baýdagy ýokaryk galdyryldy. Soňra türgenleriň ýörişi boldy. Meşhur italýan sazlarynyň astynda meýdança ilki milli ýygyndy toparlaryň baýdak göterijileri, soňra bolsa Oýunlara gatnaşyjylar çykdy. Şundan soň dabaranyň horeografik bölegi başlandy. Ol Danteniň «Ylahy komediýasyndan» ylhamlanyp, durmuş synaglaryndan geçmäge bagyşlandy. Dabaranyň dowamynda zenanlaryň we erkekleriň arasynda lyža marafonynyň ýeňijileri sylaglandy. Norwegiýaly Ýohannes Klebo özüniň rekord 11-nji altyn Olimpiýa medalyny aldy. Soňra Olimpiýa senasy ýaňlandy we Olimpiýa hereketiniň baýdagy indiki gyşky Oýunlaryň eýesi bolan Fransiýa gowşuryldy. Dabarada Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti Kirsti Kowentri we guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Jowanni Malago çykyş etdi. HOK-yň prezidenti 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlaryny ýapyk diýip yglan etdi. Dabaranyň jemleýji pursaty Lýudowiko Einaudiniň «Experience» eseriniň ýerine ýetirilmegi boldy. Bu sazyň astynda Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde Olimpiýa alawy söndürildi.