Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi. Aşa Şarma kim? Ol mundan ozal emeli aňyň (AI) ösmegine jogapkär bolan CoreAI bölüminiň önüm boýunça direktorydy. Onuň bellenilmegi Xbox-yň geljeginde emeli aňyň möhüm orun tutjakdygyny görkezýär. Şeýle hem Xbox-yň prezidenti Sara Bond hem kompaniýadan gidýär. Onuň ornuna Xbox Game Studios-yň öňki ýolbaşçysy Mett Buti mazmun boýunça täze ýolbaşçy bellenildi. Fil Spenser (58 ýaşynda) Microsoft-daky ýoluna 1988-nji ýylda stažýor hökmünde başlapdy. Ol 2001-nji ýyldan bäri oýun bölüminde işläp, Xbox-y dünýäniň iň iri brendleriniň birine öwürdi. Spenseriň ýolbaşçylygynda Microsoft ZeniMax Media-ny ($7,57 mlrd) we Activision Blizzard-y ($68,7 mlrd) satyn alyp, taryhda iň uly söwdalaryny amala aşyrdy. Spenser wezipe borçlaryny bökdençsiz tabşyrmak üçin tomsuň ahyryna çenli Aşa Şarmanyň geňeşçisi bolup işini dowam eder. Aşa Şarma işgärlere iberen hatynda Xbox-yň täze strategik ugruny şeýle kesgitledi: "Biz diňe ýokary hilli oýunlary döretmek bilen çäklenmän, wideo oýunlara täzeçe serederis. Bu ýerde emeli aňyň (AI) ulanylmagy we täze biznes modelleriniň girizilmegi esasy orunda durar". Şarma şeýle hem gysga wagtlaýyn peýdanyň däl-de, uzak möhletleýin ösüşiň tarapdarydygyny nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir