ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär. «Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak adama täsir etdi» diýlip, habarda aýdylýar. Meteorologlaryň maglumatyna görä, bu ştatlarda garyň galyňlygynyň 30 santimetrden 60 santimetre çenli ýetmegine garaşylýar. Amatsyz howa şertleri sebäpli ABŞ-nyň Kongresiniň iki palatasy hem birnäçe başlangyçlar boýunça ses bermekligi sişenbe gününe geçirdi. Gar tupanlary awiasiýanyň işinde hem uly bökdençliklere sebäp boldy. FlightAware onlaýn-hyzmatynyň maglumatyna görä, ýekşenbe güni 10 müňden gowrak uçuş goýbolsun edildi ýa-da gijikdirildi, şu gün irden bolsa 3,4 müňden gowrak reýs ýatyryldy, 7 müňden gowrak uçuş bolsa gijikdirildi. Galyň düşen gar ylaýta-da, Nýu-Ýorkdaky Jon Kennedi we La-Guardiýa, şeýle-de Nýuarkyň, Filadelfiýanyň we Bostonyň howa menzillerine güýçli täsirini ýetirdi. Mundan başga-da, ýurduň gündogar kenarynda 100 müňden gowrak öý elektrik üpjünçiliginden mahrum galdy. Poweroutage saýtynyň maglumatynda şeýle ýagdaýyň azyndan 101 893 sanysynyň hasaba alnandygy bellenilýär. Bu bökdençlikler esasan Delawer, Nýu-Jersi, Wirjiniýa we Merilend ştatlaryna agram berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir