«Innowasion Çözgüt» kompaniýasy 2025/2026-njy okuw ýylynyň kabul ediş çäresiniň netijesinde Belarusda ýokary bilim almaga bolan islegiň artandygyny belläp geçdi. Türkmenistanyň raýatlarynyň iň uly gyzyklanmasy lukmançylyk, maglumat tehnologiýalary, inženerçilik, daşary ýurt dilleri we mugallymçylyk ugurlaryna degişli hünär ugurlara boldy. Sebitler boýunça dalaşgärleriň islegleri tapawutlanýar: Ahal welaýaty — lukmançylyk, IT we daşary ýurt dilleri; şunda olar Gomeliň döwlet lukmançylyk uniwersitetini, BDLU, BGMRU we Ýanka Kupala adyndaky GrDU saýlaýarlar. Aşgabat — gyzyklanma giň: lukmançylyk, IT, hukuk, gozgalmaýan emläk we dizaýn. Balkan welaýaty — logistika we nebit-gaz pudagy. Lebap welaýaty — filologiýa we mugallymçylyk. Daşoguz welaýaty — mugallymçylyk we inženerçilik. Mary welaýaty — IT, senagat we önümçilik. «Innowasion Çözgüt» kompaniýasy Belarus uniwersitetleri bilen resmi hyzmatdaşlyk esasynda işleýär we okuwa girmegiň ähli tapgyrynda: hünäri saýlamakdan başlap, Belarusda garşy almak we okamagyň dowamynda hemişelik ýardam bermeklige çenli doly goldaw berýär. Hyzmatlaryň arasynda 2026-njy ýylyň täze kabul ediş şertleri boýunça maslahatlar, uzakdan kabul edilmek, resminamalar bilen kömek bermek, synaglara taýýarlyk görmek we wiza ýaly meseleler bar. Kompaniýanyň wekilleri 19–20-nji martda Daşoguzda Belarusda okamak boýunça giňişleýin maglumat almak isleýänler üçin duşuşyklary geçirerler. Bu saparyň çäginde hünärmenler okuwa girmegiň mümkinçilikleri, okamagyň we ýaşamagyň şertleri barada gürrüň bererler hem-de dalaşgärleriň we ene-atalaryň soraglaryna jogap bererler. «Innowasion Çözgüt» kompaniýasy 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň ähli sebitlerinden dalaşgärleriň arzalaryny kabul etmegini dowam etdirýär. Habarlaşmak üçin: Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, jaý 16 Telefonlar: +993 71 75 68 82, +993 71 89 16 39 E-poçta: innovationchozgut.co@gmail.com Sosial ulgamdaky sahypasy: TikTok

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir