Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan sapary hyzmatdaşlygyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň dowamynda birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdi. Işjeň ýagdaýda geçen netijeli häsiýete eýe bolan duşuşyklaryň jemleri gazanylan ylalaşyklaryň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan saparynyň çäklerinde «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz hem-de kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda kompaniýanyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi. Bellenilişi ýaly, sporty we dynç alşy özünde jemleýän golf meýdançalary ekologiýa derejesiniň saklanylmagynda bu ugur boýunça täzeçil çözgütleriň kabul edilmeginde möhüm şert hökmünde ykrar edilendir. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, belli syýasatşynas işewürler, «Oxford Group» kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy, şeýle hem «John Deere» kompaniýasynyň Baş direktory GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalyk ugry boýunça prezidenti Çaba Leýko bilen duşuşdy. Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýola goýlan köptaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür düzümleriniň wekilleri bu saparyň netijelerine ýokary baha berdiler.