Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Han bilen söhbetdeş boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Žurnalist türkmen halkynyň Milli Liderine Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki möhüm ugurlary we geljekki maksatlary dogrusynda özüni gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşligiň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň ýokary derejede guralandygy, görkezilen myhmansöýerlik we baý mazmunly maksatnamalar üçin amerikaly hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdi. ABŞ bilen däp bolan dostlukly, netijeli hem özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn belledi. Bu gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady, medeniýet, bilim, ylym, sport hem esasy ugurlaryň ählisini-de öz içine alýandygyny nygtady. Söhbetdeşligiň ahyrynda «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň žurnalisti Rizwan Han, ilki bilen, söhbetdeşligiň işjeň we netijeli ýagdaýda geçendigini belläp, häzirki döwrüň meseleleri boýunça pikirlerini beýan edendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylda ýurtda Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň we halkyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň hormatyna giň möçberli dabaralaryň geçiriljekdigini aýdyp, Rizwan Hany hem-de «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň döredijilik toparyny bu dabaralara çagyrýandygyny mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir