Dünýä belli aktýor Mads Mikkelsen režissýor Martin Skorsezeniň "Gije bolup geçýän zatlar" (Что происходит ночью) atly täze taslamasynyň ýyldyzlar düzümine goşuldy. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio we Jennifer Lourens janlandyrýar. Film ýazyjy Piter Kameronyň adybir romanyna esaslanýar. Wakalar Ýewropanyň gar basan şäherine ogullyga çaga almak üçin gelen är-aýalyň töwereginde bolup geçýär. Gahrymanlaryň ýoly geň we syrly ynsanlaryň mekan tutan täsin myhmanhanasyna düşýär. Wagtyň geçmegi bilen, olar hakykat bilen gatnaşygy ýitirip, öz durmuşlaryna hem şübheli garap başlaýarlar. Mads Mikkelsen filmde Emmanueliň doganynyň keşbini janlandyrar. Patrisiýa Klarkson hem taslamanyň düzümine goşuldy. Bellemeli zat, Klarkson mundan ozal hem Martin Skorseze we Leonardo Di Kaprio bilen birlikde "Näletsiňenleriň adasy" (Остров проклятых) atly meşhur trillerde işleşipdi. Martin Skorseze bu taslamada diňe bir režissýor däl, eýsem prodýuser hökmünde hem çykyş edýär. Filmiň ssenarisini bolsa meşhur ssenariýaçy Patrik Marber ýazdy. "Deadline" neşiriniň habar bermegine görä, bu film Skorsezeniň iň garaşylýan we özboluşly taslamalarynyň biri bolar diýlip çaklanylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir