Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg kazyýetde çykyş edip, kompaniýanyň ulanyjylaryň ünsüni nädip çekýändigi we olaryň Facebook hem-de Instagram-da sarp edýän wagtyna nähili täsir edýändigi baradaky soraglara jogap berdi. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Ýygnagyň dowamynda şikaýatçynyň ýuristleri 2015-nji ýyla degişli elektron haty görkezdiler. Onda Mark Sukerberg ulanyjylaryň programmalarda bolýan wagtyny 12% artdyrmagyň zerurdygyny belläpdir. «Öň biz ulanyjylaryň sosial torlarda sarp edýän wagty boýunça maksatnamalar goýýardyk, ýöne indi beýle edemzok. Men munuň iň gowy usuldygyna ynanamok» diýip, Sukerberg jogap berdi. Ol Meta-nyň syýasatynyň 13 ýaşdan kiçi şahslaryň hasaba durmagy gadagan edýändigini, şeýle hasaplar ýüze çykarylan ýagdaýynda bolsa öçürilýändigini sözüniň üstüne goşdy. Emma şikaýat edýän tarap kompaniýanyň içerki görkezijilerini ýüze çykardy. Oňa laýyklykda, Instagramda ABŞ-daky 10–12 ýaşly çagalaryň takmynan 30%-ine deň derejede, ýagny 4 milliona golaý çaga ulanyjy bardygy belli boldy. Şikaýat kämillik ýaşyna ýeten bir zenan tarapyndan edilýär. Ol ýetginjek döwründe sosial torlaryň öz keşbine bolan ýigrenji, terkidünýälige iterýän pikirleri, dowla düşürýän gorkyny, was-waslygy we depressiýany döredendigini ýanjaýar. Kazyýet işi başlamazyndan ozal Meta-nyň hukukçylary: «Garşy tarap faktlardan we gürrüňdeşliklerden özüne bähbitli bölekleri ulanyp, Meta barada bilkastlaýyn, hakykata gabat gelmeýän düşünjäni döretmäge synanyşar. Eger ýazgy doly hödürlense, kompaniýanyň on ýyldan gowrak wagt bäri ýetginjekleriň howpsuzlygyny öz ösüşinden ýokary goýandygyny görkezer» diýen görnüşde düşündiriş berdiler. Kazyýetde Instagram-daky filtrler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Sukerberg kompaniýanyň şeýle filtrleri özbaşdak döretmekden we maslahat bermekden ýüz öwrendigini aýtdy «Bize şeýle mazmuny döretmek we ony adamlara maslahat bermek dogry gelmeýär» diýip, Sukerberg şol bir wagtda-da, bu guraly ulanmagy gadagan etmegiň ulanyjylaryň özüni görkezmek erkinligine gerekmejek çäklendirme boljakdygyny ýaňzytdy. Şikaýat programmalaryň mazmunyna däl-de, olaryň dizaýnyna gönükdirilendigini belläp geçmeli. Çünki ABŞ-nyň hukuk doktrinasy platformalary ulanyjylaryň goýan materiallary üçin jogapkärçilikden boşadýar. Şikaýatyň esasy özeni — Meta-nyň mahabat satuwyna esaslanýan biznes-modeli bilen bagly. Bu iş boýunça Snapchat we TikTok hem jogapkärçilige çekilipdi, emma olar kazyýet işi başlamazyndan ozal taraplar bilen ylalaşyga geldiler.