Täze nesil XA60 kysymly Toyota RAV4 awtoulagy ABŞ-da, Ýewropada we Ýaponiýada diňe gibrid görnüşinde hödürlense-de, Ýakyn Gündogar bazary üçin adaty benzin hereketlendirijili wersiýasy saklanyp galdy. Bu awtoulaglar eýýäm Birleşen Arap Emirliklerinde (BAE) satuwa çykaryldy. Täze modelde 171 at güýjüne eýe bolan 2,0 litrlik atmosferaly benzin hereketlendirijisi ulanylýar. Maglumatlara görä, bu güýç gurluşy modeliň öňki neslinden üýtgewsiz geçipdir. Şeýle-de, alyjylara 2,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýan 239 at güýjündäki standart gibrid ulgamy hem hödürlenýär. Emma sebitde zarýad berilýän (PHEV) has güýçli gibrid wersiýasy elýeterli däl. Ýakyn Gündogar üçin niýetlenen 2026-njy ýylyň benzinli RAV4 modeli daşky dizaýny boýunça global wersiýalardan tapawutlanmaýar. Modelleriň hatarynda hem şäher görnüşleri, hem-de ýolsuz ýerler üçin niýetlenen Adventure modifikasiýasy bar. Awtoulagyň salony döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan: gurallar paneli: 12,3 dýuýmlyk sanly ekran. Toplumyna baglylykda 10,5 dýuýmlyk ýa-da 12,9 dýuýmlyk displeý. Goşmaça funksiýalar: Proýeksiýa displeýi (HUD), elektrik goraýjyly panoramaly üçek we 20 dýuýma çenli bolan diskalar. Täze Toyota RAV4-iň käbir toplumlary indi Apple Wallet sanly açar funksiýasyny goldaýar. Bu bolsa awtoulagyň gapylaryny iPhone ýa-da Apple Watch arkaly açmaga we motory otlamaga mümkinçilik berýär. Funksiýany ulanmak üçin aýda 15 dollardan başlaýan Toyota Remote Connect hyzmatyna ýazylmaly, emma täze ulag satyn alanlara bir ýyllyk mugt synag möhleti berilýär. BAE bazarynda awtoulaglaryň bahasy aşakdaky ýaly kesgitlendi: Benzinli wersiýasy: 28 800 $– 33 700$ aralygynda. Gibrid wersiýasy: 31 200 $– 41 600$ aralygynda.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir