Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy. Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi. Humain-iň bu şertnamanyň netijesinde xAI-iň «ähmiýetli minoritar paýdaryna» öwrülendigi belleýär. Bloomberg-iň çykaran bahalandyrmalaryna görä bolsa, onuň SpaceX-iň paýnamalaryna öwrülen aktiwleri birleşen täze 1,25 trillion dollarlyk bahaly kompaniýada 0,24% paýy emele getirýär. Bu söwda ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek we nebitden garaşlylygy azaltmak üçin emeli aňy esasy merkeze goýan Saud Arabystany bilen Maskyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkidýär. Humain kompaniýasy 2025-nji ýylda ýurduň 1 trillion dollar aktiwli Döwlet maýa goýum fondunyň (PIF) goldawy bilen döredildi. Ol emeli aň modellerini okatmak we işe girizmek üçin zerur bolan infrastruktura hem-de hasaplama kuwwatlyklaryny döretmek ugrunda işjeň söwdalary alyp barýar. Şeýle hyzmatdaşlyk X sosial ulgamyny we Grok çat-botuny dolandyrýan xAI kompaniýasyny taýýar iri müşderi bilen hem üpjün edýär. Şu wagta çenli xAI-iň iň iri müşderileri Maskyň özüne degişli bolan SpaceX we Tesla Inc. kompaniýalarydy. Emma 2025-nji ýylyň ortalaryndan başlap, startap Pentagon we ABŞ-nyň beýleki hökümet düzümleri bilen şertnamalary baglaşandygyny-da yglan etdi. Şeýle-de, Grok ulgamyny ýurduň bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça Salwador bilen ylalaşyk gazanyldy. Geçen ýylyň noýabr aýynda Humain we xAI Saud Arabystanynda 500 megawat kuwwatyndaky maglumat merkezini gurmak hem-de ýurtda Grok modellerini ornaşdyrmak meýilnamalaryny mälim etdiler. Kompaniýa çap eden beýanatynda: «Bu başlangyçlar bilelikde uzak möhletleýin özara düşünişmek maksadyny berkidýär we Humain-iň ornuny strategik hyzmatdaşdan xAI-iň ägirt öňdebaryjy paýdary derejesine ýetirýär» diýip belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir