Meşhur ekstremal-uçarman Dario Kosta ýeňil motorly uçary hereket edip barýan otlynyň üstüne gondurmagy we şol ýerden täzeden asmana göterilmegi başardy. "Train Landing" (Otla gonuş) diýlip atlandyrylýan bu taslama Red Bull topary we "Rimac" elektrokarlar öndürijisiniň inženerleri tarapyndan durmuşa geçirildi. Bu gezekki adatdan daşary synag Türkiýede amala aşyryldy. Ýük konteýnerlerinden ybarat bolan otly sagatda 120 km tizlik bilen hereket etdi. Uçarman üçin iň uly kynçylyk — görüş meýdanynyň örän çäkli bolmagydy: ol gonmaly meýdançasyny diňe 200 metr aralykdan görüp bilýärdi. Tutuş tilsim üçin bolsa bary-ýogy 50 sekunt wagt bardy. Howpsuz gonuşy üpjün etmek üçin Kosta uçaryň tizligini sagatda 87 km-e çenli peseltdi. Bu tizlik uçaryň dolandyryşyny saklap bolýan iň pes derejesidir. Mundan başga-da, otlynyň döredýän güýçli howa akymy (turbulentlik) uçarmana goşmaça kynçylyklary döretdi. Red Bull topary bu çärä taýýarlygyň birnäçe aýlap dowam edendigini belleýär. Bu döwürde dürli tizlik hasaplamalary, aerodinamiki modellemeler we uçarmanyň psihologik taýýarlygy alnyp baryldy. Modelleşdirme işleriniň bir bölegini "Rimac" kompaniýasynyň hünärmenleri ýerine ýetirdiler. Bu waka Dario Kostanyň ilkinji ekstremal tilsimi däl. Ol 2021-nji ýylda 400 at güýjüne eýe bolan Zivko Edge 540 uçary bilen awtomobil tuneliniň içinden uçup geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir