ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlanta aglomerasiýasynda dünýäde ilkinji doly awtomatlaşdyrylan jemgyýetçilik ulag ulgamynyň synag taslamasyna badalga berilýär. Kaliforniýanyň Glydways kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu tehnologiýa esas hökmünde ýörite gurlan ýollar boýunça özbaşdak hereket edýän sürüjisiz elektromobiller hyzmat edýär. Taslamany amala aşyryjylar şäher ýollaryndaky dyknyşyk meselesini çürt-kesik etmegi wada berýärler. Bu ulgam metronyňky ýaly ýokary geçirijilik ukybyna eýe bolsa-da, ýol nyrhy adaty awtobuslaryňky ýaly elýeterli bolar. Iň esasy tarapy bolsa, ony gurmak üçin onlarça ýyl garaşmak ýa-da adatdan daşary çykdajylar talap edilmeýär. Ulgamyň işleýiş ýörelgesi örän ýönekeý we amatly. Ýolagçy mobil programma arkaly ulagy çagyrýar we şondan soň, ýa-ha müşderiniň aýratyn özi üçin göz öňünde tutulan, ýa-da onuň topary üçin niýetlenen ulag gelýär. Syýahat hiç hili aralyk duralgalarda durmazdan, göni A nokadyndan B nokadyna amala aşyrylýar. Bu kiçi göwrümli elektromobilleriň beýleki uly awtoulaglar bilen ýoly paýlaşman, diňe öz ýörite zolaklarynda hereket edýändigi sebäpli, dyknyşyklarda-da saklanmaýar. Ähli amallary emeli aň tarapyndan utgaşdyrylan ulgam 24 sagatlap hyzmat eder. Häzirki wagtda kongress merkezini we arenany «ATL SkyTrain» liniýasy bilen birleşdirjek 0,8 kilometrlik ilkinji synag halkasynyň gurluşygy dowam edýär. Glydways-iň bu täsin ulgamynyň halk köpçüligi üçin mugt synag hyzmatlarynyň 2026-njy ýylyň dekabrynda başlanmagyna garaşylýar. Hasaplamalara görä, bary-ýogy bir welosiped ýolunyň ini ýaly ýer tutýan bu geçelge arkaly sagatda 10 000 ýolagçyny daşap bolar. Eýýäm Dubaý, Abu-Dabi, Tokio we Nýu-Ýork ýaly äpet şäherleriň bu tehnologiýa uly gyzyklanma bildirip, degişli ylalaşyklary baglaşandygyny hem bellemek gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir