2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde «C6: Bir sebit, umumy geljek – strategik dialogy pugtalandyrmak» atly halkara maslahat geçirildi. Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkezi tarapyndan guralan bu çärä C6 formatyna girýän döwletleriň seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy bilermenler we diplomatik wekiller gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär. Maslahatda Türkmenistana DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Ş.Şiriýew we ýurduň Azerbaýjandaky Ilçisi G.Elýasow wekilçilik etdi. Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň geosyýasy şertlerinde sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek we strategik dialogy giňeltmek meseleleri üns merkezinde boldy. Taraplar ulag-logistika baglanyşygy, energetika howpsuzlygy we ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly ugurlar boýunça pikir alyşdy. Çykyşlarda C6 formatynyň sebitara gatnaşyklary iş ýüzünde ösdürmek we netijeli hyzmatdaşlyk mehanizmlerini ýola goýmak üçin möhüm meýdança öwrülendigi aýratyn nygtaldy. Maslahatyň ahyrynda bilermenler derejesindäki dialogy yzygiderli dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gyzyklanma bildirildi.