Uzak wagtlap Ýaponiýanyň adalarynda gadymy döwürlerde gaplaňlaryň ýaşapdyr diýlip hasaplanýardy. Emma täze geçirilen DNK barlaglary bu ýyrtyjylaryň aslynda meşhur gowak arslanlarydygyny subut etdi. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň tebigatynda ýolbars ýa-da gaplaň ýok. Emma giçki pleýstosen döwründe (129 000 – 11 700 ýyl ozal) bu adalarda iri ýyrtyjylar höküm sürüpdir. Arheologlar köp wagtlap tapylan süňk galyndylarynyň ölçeglerine we gurluşyna esaslanyp, olary gaplaňlara degişli hasaplap geldiler. Hünärmenler 26 sany daşa öwrülen galyndynyň mitohondrial we ýadro DNK-syny, şeýle hem radiokarbon senelemesini ulanyp barlag geçirdiler. Galyndylaryň ýagdaýynyň pesligine garamazdan, alymlar genomyň möhüm böleklerini dikeltmegi başardylar. Netijede, ähli nusgalaryň gowak arslanyna (Panthera spelaea) degişlidigi anyklandy. Galyndylaryň biriniň takmynan 31 060 ýyl mundan ozal ýaşandygy anyklandy. Buzluk döwründe deňiz derejesiniň peselmegi netijesinde, adalar bilen yklymyň arasynda gury ýer "köprüleri" emele gelipdir. Alymlaryň çaklamasyna görä, gowak arslanlary takmynan 72 700 – 37 500 ýyl mundan ozal demirgazyk gury ýer ýoly arkaly materikden adalara göçüp gelipdirler. Şol döwürlerde ýolbarslar (arslanlar) Ýewraziýanyň demirgazyk sebitlerinde has işjeň ýaýran bolsa, gaplaňlar has günorta çäkleri saýlapdyrlar. Bu täze ylmy tapyndy Ýaponiýanyň gadymy ekoulgamynyň taryhyny täzeden gözden geçirmäge mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir