Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 19-njy fewralda Wena şäherinde geçirilen 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisiň dowamynda esasy üns howpsuzlyk, demokratiýa, adam hukuklary we ynsanperwer meselelerine gönükdirildi. Parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmäge, şeýle hem şu ýylyň iýul aýyna meýilleşdirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine taýýarlyk görmäge aýratyn üns berildi. Şeýle-de, duşuşyga gatnaşyjylar häzirki zaman dünýäsinde ÝHHG-niň tutýan orny barada pikir alyşdy. Çeşmäniň bellemegine görä, mejlisde döwletleriň arasyndaky ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek, ykdysady durnuklylygy hem-de deňhukuklylygy saklamak, adam mertebesini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek hem-de dialog arkaly parahatçylygy berkitmek meselelerine hem deglip geçildi.