Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkiýe Respublikasyna saparyň çäklerinde Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähindäki beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, dabaranyň dowamynda Ministr A.Şamyradow Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň ösüşindäki aýratyn ornuny nygtady, şeýle hem 2026-njy ýylda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýän çäreler barada maglumat berdi. Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal türkmen wekiliýetiniň Türkiýede Türkmen kinosynyň günlerini geçirmek maksady bilen, Ankarada saparda bolýandygyny habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir