Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, kinematografiýa, telewideniýe we sungat ulgamlarynda tejribe alyşmaga gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Şeýlelikde, 16-njy fewralda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň binasynda Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen guramanyň Baş sekretary S.Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de bilelikdäki medeni taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi. 17-nji fewralda Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda taraplar kino, teatr, saz sungaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini, şeýle hem bilelikdäki bilim we medeni-ynsanperwer maksatnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 18-nji fewralda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew Ankara saz we şekillendiriş sungaty uniwersitetiniň prorektory Baryş Demirçi bilen duşuşdy. Duşuşykda akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki okuw sapaklaryny, bilim maksatnamalaryny hem-de Türkmenistanyň talyplary we mugallymlary üçin döredijilik okuw sapaklaryny guramak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýede Türkmen kinosynyň günlerini geçirmek maksady bilen, 16 — 18-nji fewral aralygynda Ankarada saparda boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir