2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi. Duşuşykda şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Resminama guramaçylyk-usuly, ylmy-amaly, bilim, halkara hem-de maglumat-aragatnaşyk çäreleriniň toplumyny öz içine alýar. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär. Bellenip geçilişi ýaly, 2028-nji ýyly Halkara hukugynyň ýyly diýip yglan etmek baradaky başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe sürüldi. Bu başlangyç halkara hukugyny ählumumy parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň esasy hökmünde berkitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň syýasy-hukuk guraly hökmündäki mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge gönükdirilendir. Taýýarlyk meýilnamasynyň çäklerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek, bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmek, halkara we ikitaraplaýyn çäreleri guramak, şeýle hem ýaşlaryň ylmy taslamalaryny goldamak göz öňünde tutulýar. Maglumat taýdan üpjünçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet sahypasynda ýöriteleşdirilen bölüm dörediler hem-de milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin düşündiriş işleri alnyp barlar. Maslahatyň jemleri boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň bu ugurdaky işjeň utgaşykly hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir