Dynç güni — bu diňe bir iş günleriniň arasyndaky arakesme däl. Bu adaty durmuşyň depgininden çykyp, özüňize we ýakynlaryňyza ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş bermek üçin gowy mümkinçilikdir. Arkadag şäherinde şeýle pursatlary peşgeş berýär ýerleriň biri hem Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkidir. Her ýekşenbe güni bu ýerde tomaşaçylara dürli akrobatlaryň, klounlaryň we artistleriň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýaş çapyksuwarlarynyň taýýarlan täze, täsirli çykyşlary garaşýar. Bu tomaşalar çagalar üçinem, uly adamlar üçinem köpöwüşginli başdangeçirmä öwrülýär. Biletleri onlaýn görnüşde www.atchylyksirk.gov.tm saýtyndan hem alyp bolýar. Wagty: Her ýekşenbe güni sagat 12:00-da. Salgy: Arkadag şäheri, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki. Habarlaşmak üçin telefonlar: 57-23-53, 864-43-22-22.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir